gamyş

gamyş
1) Suwly ýerlerde çybyk-çybyk bolup bitýän, baldagynyň içi deşik, bogun-bogun köpýyllyk ösümlik.
∙ Göwün-göwünden suw içer, gamyş-bogundan. (Nakyl)
∙ Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar. (Nakyl)
2) Öýüň daşyna tutmak üçin gamyşdan örülen serişde.
∙ Häzir şol jaýyň daşy köne gamyş aýlanan ýaly bolup dur. («Tokmak» žurnaly)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem gamyş - gamşy.
gamyş gulakseret gulak
∙ Gamyş gulak bedew atlar ýörände, ýeriň tanapyna külterläp çekýär. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Смотреть что такое "gamyş" в других словарях:

  • The Castle of Perseverance — Infobox Play name = The Castle of Perseverance image size = 300px caption = Stage drawing from the only surviving manuscript of The Castle of Perseverance writer = Anonymous characters = Mankind Belial World Good Angel Bad Angel Seven deadly sins …   Wikipedia


Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»